Mazmuna geçiň

Jyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Jyns gatnaşygy diňe nikadan geçip, maşgala bolan är - aýala rugsat berilýär. Mundan beýlekilere bu uly günä hasaplanýar. Oňa zyna diýilýär. Ýene-de aýbaşy döwründe, çaga doglandan soňky döwürde, kesellä, oraza tutulanda we uly meýdan edilýän deşige jyns gatnaşyk etmek bütinleý gadagan edilýär. Bular hem uly günäleriň hasabynda durýar.

Nikadan soňky gije

[düzet | çeşmäni düzet]

Birinji gijede erkek musulman öz zenanyna hüdür-kerem etmeli (mysal üçin: süýt, ary baly, we şuňa meňzeşler. Ýöne himikatly, iýmitlik goşundylary goşulan, spirtli içgileri we şuňa meňzeş emeli ýasalan önümler iýmek, içmek gadagan. Sebäbi bular geljekki çaganyň ruhy we beden saglygyna zyýan ýetirýär. Süýdi hüdr etmek sünnet). Täze gelniň aladasyny etmeli we onuň bilen namaz okamaly, bile doga okamaly, jyns gatnaşygynda üstüňi ýapmaly ondan soň birikmeli. Jyns gatnaşykdan öň mümkin bolsa, gowy edip arassalanmak gerek. Jyns gatnaşygynda är öz aýalyna örän mylaýym, çendenaşa ýumşak, mähirli bolmalydyr, zenan hem (jynsy) doly kanagatlanýança onuň ýanyndan gitmeli däl. Zenana köpräk hurma we şuňa meňzeş tebigatyň tebigy süýji tagamly önümleri iýmek, arassa howaly bolmak, erbet endikleri etmezlik, gaharjaň bolmazlyk maslahat berilýär. Birigip bolunandan soň gusl almak sünnet, namaz wagty başlanda bolsa hökmandyr (suw ýok bolsa teýemmum). Eger ikinji gezek birikmek islenilse, onda gusul alyp ondan soň birikmek gowy, emma iň bolmanda awrat ýeri ýuwup ondan soň birikmek gowy. Bu birikmek iň azyndan 4 aýda 1 gezek bolmaly. Eger aýaly 1-den köp bolsa, (şeriatda 4-den köp aýal almak bolanok) olara deň garamagy gerek. Eger durmuşa çykan zenan ozal äre çykmadyk bolsa, onda äri onuň bilen 7 gije bile bolmaly, eger-de ol zenanyň ozal äri bolan bolsa, onda 3 gije hem ýeterlikdir.

Är-aýal gatnaşygyny etmezden öň aýdylýan doga

[düzet | çeşmäni düzet]

Jyns gatnaşyk etmezden ozal (esasan hem çaga üçin) eşik çykarylmaka erkek öz aýalynyň maňlaýyna elini goýup aşakdaky dogany okamaly. Eger şol jyns gatnaşykdan çaga bolsa, şeýtany çaga bolmaz.[1]

Arapça:

بِسْمِ اللَّهِ، اللَّهُمَّ جَنِّبْنَا الشَّيْطَانَ، وَجَنِّبِ الشَّيْطَانَ مَا رَزَقْتَنَا


Okalşy:

Bismillä, Allahumme jennibnäş-şeýtone, we jennibiş-şeýtone mä rozaktenä.


Terjimesi:

Bismillä (Allanyň ady bilen başlaýaryn). Eý Allahym! Bizi şeýtandan we şeýtany-da bizi ryzyklandyrjak perzentden daşlaşdyr!

Çaga aýyrmak

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslamda ene göwresindäki çagany aýyrtmak gadagan edilýär:

  • Eger göwredäki çaga 4 aý bolup geçen bolsa aýyrmak gadagandyr, emma enäň janyna howp saljak sebäpleri (hakyky) lukman tassyklasa, onda aýyrtmaly.
  • Eger-de göwredäki çaga 4 aý bolup geçmedik bolsa sebäpsiz aýyrtmak mekruhdyr, eger-de aýyrdyljak bolsa, 40 günden geçirmän aýyrmalydyr.

Iň gowusy çaga üçin däl-de, ýöne jyns gatnaşyk bolsa, tohum içeri gitmezden ozal jyns organy aýyrmak bolar. Ýöne nikanyň iň esasy sebäbi bolan çagany edinmezlik gadagandyr. Iň bolmanda bir çaga edinmelidir.

Maşgala durmuşy bilen baglanyşykly käbir meseleler

[düzet | çeşmäni düzet]

Azil we göwreliligiň öňüni almak

[düzet | çeşmäni düzet]

Azil – erkegiň jynsy gatnaşygy doly tamamlaman yza çekilmegi diýmekdir. Bu usul göwreliligiň öňüni almak üçin gadymdan bäri ulanylyp gelýän usuldyr. Sahabalardan Jabiriň «Biz azil edýärdik. Resulullah ﷺ bize hiç zat diýmeýärdi», (Buhary, Muslim) diýip gürrüň beren hadysyna daýanyp, yslam alymlarynyň aglabasy azil etmegiň mubahdygyny belläpdirler.

Häzirki döwürde ýatgynyň öňüne spiral goýdurmak, dürli derman ulanmak azil ýaly kabul edilýär.

Azil hem-de beýleki çärelere şu ýagdaýlarda rugsat edilipdir:

  1. Göwreliligiň aýalyň saglygyna zyýan ýetirjek ýagdaýynda.
  2. Heniz süýtden aýrylmadyk bäbegiň sagdyn ösmegine zyýan geljek ýagdaýynda.
  3. Maşgalanyň çagalaryna göwnejaý yslamy terbiýe berip biljegine ynamy bolmadyk ýagdaýynda.

Bu şertlerden başga ýagdaýlarda göwreliligiň öňüni almak jaýyz däldir. Ýatga tohumy eltýän kanallaryň baglanmagy ýa-da erkegiň biçilmegi hem göwreliligiň öňüni alýan çäreleriň biridir. Emma yslam alymlary saglyk we dini taýdan zerurlyk bolmasa, muny jaýyz görmändirler. Hatda şeýle etmekligi Allahyň beren nygmatlaryny inkär etmek ýaly görüpdirler. Ýöne aýallaryň saglyk ýagdaýy sebäpli wagtlaýyn çaga dogurmaz ýaly hala gelmekleri dürsdür.

Çaga aýyrtmak (abort)

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýatga ýerleşen düwünçegiň daşky täsir arkaly düşürilmegi, gadymdan bäri diniň, ahlagyň we hukugyň halamaýan işidir. Ene-atanyň çaga bolmagyny arzuw etmegi öz erkinde bolsa-da, çagany düşürmäge olaryň haky ýokdur. Çagany aýyrtmak bilen baglanyşykly Kurany Kerimde we hadyslarda anyk we kesgitli delil bolmasa-da, käbir yşaratlar bardyr.

12. Takyk, Biz ynsany (ýerden alnan) palçykdan ýaratdyk.
13. Soň ony ynamly bir ýerde damja suw edip goýduk.
14. Soň bu damja suwy gan lagtasy edip ýaratdyk. Gan lagtasyny bölejik et edip ýaratdyk. Bölejik eti-de süňk edip ýaratdyk. Süňke bolsa et geýdirdik. Soň hem ony başga bir ýaradylan (adam) görnüşinde ýaratdyk. Ýaradyjylaryň iň haýyrlysy bolan Alla örän Beýikdir.
15. Soň siz munuň yzyndan (ýaşanyňyzdan soň), elbetde, ölersiňiz.

Mukminun surasy.

Hadyslarda bolsa bu aýatlaryň düşündirişi hökmünde şeýle aýdylýar:

«Sizden her biriňiz kyrk gün ene göwresinde saklanar. Soňra ýene kyrk günden soň lagta gan halyna öwrüler. Soňra ýene kyrk günden bir bölek et halyna geler. Soňra-da bir melek iberiler we oňa ruh üflär», (Buhary, Muslim).
«...Tohumyň üstünden kyrk iki gün geçenden soň, Allah oňa bir melek iberer. Ol hem oňa şekil berer. Gulagyny, gözüni, hamyny, etini we süňklerini ýasar. Soňra-da: «Eý, Rabbim, oglan bolsunmy ýa-da gyz?» diýer...», (Muslim, Ahmet b. Hanbel, «Musned»).

Bu aýat we hadyslara görä:

  1. Döllenen tohum ýatgyda kyrk günläp hereketsiz ýatýar.
  2. Soňra lagtalanan gan halyna gelip (alak), ýatgy bilen gatnaşyk sazlanyp başlaýar. Bu hem kyrk güne çekýär.
  3. Soňra lagta gan bir bölek et bolýar. Süňkler döreýär. Olaryň daşyna et örýär. Bu hem kyrk gün dowam edýär.
  4. Soňra tapawutly barlyga öwrülýär. Bu bolsa ruhuň üflenmegi bilen bolup geçýär. Fahretdin Razynyň bellemegine görä, ynsan ruh bilen birlikde kämil ynsan bolýar. Diýmek, ýüz ýigrimi günden soň kämil ynsan döreýär.
  5. On bäşinji aýatdaky yşarata görä, ölüm diňe şondan soň bolýar. Bu bolsa ilkinji üç döwürde, ýagny ýüz ýigrimi günüň dowamynda düwünçegiň doly janly däldigini görkezýär. Çünki ölüm ruh bilen baglanyşyklydyr.

Ruhuň 25-nji günde üflenmegi meselesinde ittifak bardyr. Ikinji hadysda: düwünçegiň kyrkynjy günde şekil alýandygy däl-de, munuň melek tarapyndan ýazylmagy görnüşinde düşünilipdir. Şonuň üçin hezreti Aly ruh üflenmedik düwünçegi düşürmegiň «we'd-i» saýylmaýandygyny, ýagny çagany diri gömmek manysyna gelmeýändigini aýdýar, (Ibnul Jäwzi «Zadul-mesir»). Ymamy Agzam hem muny delil edinip, ýüz ýigrimi güne çenli, zerurlyk bolsa, düwünçegi aýyrtmak mümkindir diýip fetwa berýär. Zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, bu işi ilkinji kyrk güne çenli etdirmek – tenzihen mekruhdyr. Kyrk günden ýüz ýigrimi güne çenli aralykda etdirmek – tahrimen mekruhdyr. Ýüz ýigrimi günden soň çagany aýyrtmak haram we jenaýat saýylýar.

Hanefi mezhebi ýüz ýigrimi güne çenli aralykda düwünçegi aýyrtmak üçin şu sebäpleri zerurlyk saýýar:

  1. Göwreliligiň aýalyň saglygyna zyýan ýetirjek ýagdaýynda.
  2. Heniz süýtden aýrylmadyk bäbegiň sagdyn ösmegine zyýan geljek ýagdaýynda.
  3. Maşgalanyň çagalaryna göwnejaý yslamy terbiýe berip biljegine ynamy bolmadyk ýagdaýynda.
  4. Dürli sebäplere görä, çaganyň kemisli dogulmak howpy bolan ýagdaýynda. Muňa ygtybarly lukmanlaryň karary gerekdir.

Garyplyk we ryzk endişesi zerurlyk hökmünde kabul edilmeýär. Bu Allahyň Rezzakdygy ynanjyna tersdir. Kurany Kerimde hem şeýle buýrulýar:

Aýt: "Geliň‚ men size Perwerdigäriňiziň nämeleri haram edendigini okap bereýin: Oňa hiç zady şärik goşmaň‚ ene-ata ýagşylyk ediň‚ mätäçlik duýgusy (gorkusy) bilen çagalaryňyzy öldürmäň. Çünki siziň hem‚ olaryň hem rysgalyny beren Bizdiris! Erbetlikleriň äşgärine-de‚ gizlinine-de golaýlaşmaň! Allanyň haram eden janyna haksyz ýere kast etmäň! Ine‚ akyl ýetirersiňiz diýip‚ Alla size şulary emir edýär".»

— En'am: №151 aýat.

Garyplyk gorkusy bilen çagalaryňyzy öldürmäň! Olara-da, size-de rysgaly Biz berýäris. Takyk, olary öldürmek örän uly günädir.

— Isra: №31 aýat.

. Emma garyplygyň döredip biljek ahlak bozuklygyny düwünçegiň aýyrdylmagyna sebäp saýanlar hem bardyr.

Beýleki mezhepleriň bu meselä garaýşy şeýle: Mälikilerde çaga galandan soň kyrk gün geçmänkä-de düwünçegi aýyrtmak dürs däldir. Şafygylarda ilkinji kyrk günde düwünçegi düşürmegiň zeleli azdyr, ondan soňky kyrk günde zeleli köpräkdir, üçünji kyrk günlükde harama ýakyn, soňra bolsa haramdyr. Ymam Gazaly hem şu garaýyşdadyr. Hanbelilerde bolsa, ilkinji kyrk günde halal usullar bilen aýyrtmak jaýyzdyr. Bu mezhebiň umumy garaýşy Hanefileriňki ýalydyr. 120 günden, ýagny ruh üflenenden soň çagany aýyrtmak anyk haram bolsa-da, enäniň saglyk ýagdaýy sebäpli çagany aýyrtmak jaýyz görlüpdir. Emma bu meselede ygtybarly, ynamdar lukmanyň karary gerekdir.

Emeli usulda tohumlandyrmak

[düzet | çeşmäni düzet]

Ene-atanyň çaga öndürmek islegi iň tebigy arzuwlarynyň biridir. Yslam dini hem muny goldaýar. Ýöne nikahsyz çaga dogurmagy nesliň zaýalanmagy hasaplap gadagan edipdir. Şonuň üçin tohumlandyrmakda üç zerurlyk bolan – tohumyň, ýumurtganyň, ýatgynyň nikahlaşan är-aýala degişli bolmagy hökmandyr. Häzirki döwürde dürli ýetmezçilikler sebäpli çagasy bolmaýanlar emeli usul bilen tohumlandyrmak arkaly çaga öndürip bilýärler. Bu medisinanyň gazanan üstünligidir.

Emeli usul bilen tohumlandyrmagy yslam alymlary şu ýagdaýlarda dürs hasaplamaýarlar:

  1. Äriň tohumynyň başga bir nikahsyz aýalyň ýumurtgasy bilen tohumlandyrylyp, embrionyň öz aýalynyň ýatgysynda ýerleşdirilmegi.
  2. Ýat erkegiň tohumyny ulanyp, aýalyň göwreli bolmagy.
  3. Är bilen aýalyň tohumlandyrylan embrionynyň başga bir aýalyň ýatgysynda ýerleşdirilmegi.
  4. Ýat aýal bilen ýat erkegiň tohumlandyrylan embrionyny kişiniň öz aýalynyň göwresinde ýerleşdirmegi.
  5. Är bilen aýalyň tohumlanan embrionynyň erkegiň başga aýalynyň ýatgysynda ýerleşdirilmegi.

Yslam alymlary erkegiň tohumynyň öz nikahly aýalynyň ýumurtgasy bilen emeli usul arkaly tohumlandyrylyp, embrionyň ýene şol aýalyň ýatgysyna ýerleşdirilmegi arkaly çaga öndürmegi jaýyz görýärler. Bu usul diniň kadalaryna ters däldir.

Çaga edinmek üçin sagdyn, arassa iýmitlenmek gerek. Aýbaşyň başlan gününden, indiki aýbaşy başlaýan güni aralyk günlerini hasaplamaly. Aýbaşynyň özi 3-10 günläp dowam edip bilýär. Aýbaşydan beýleki günler her zenanda ýaşyna görä 21-40 gün aratapawutly bolup bilýär. (Meselem: Iki aýbaşyň aralygy (aýbaşyly günler bilen, aýbaşysyz günler) 28 gün bolsa, 28/2=14. Ýagny, 14,15 gün geçirip jyns gatnaşyk etmeli. (owulýasiýa)). Owulýasiýadan öň jyns gatnaşyk edilmese gowydyr. Bu döwürde zenanyň ärine bolan jyns islegi ýokary bolmaly. Owulýasiýa gününi bilmek üçin testerler bardyr, mysal üçin: «Clearblue». Ýene-de bir usuly, owulýasiýa güni waginada reňksiz şepbeşiklik bolýar, bu şepbeşiklik birnäçe santimetre çenli sünüp bilýändir. Äri hem jyns gatnaşyk etmänkä aýalynyň höwesi artar ýaly garaşmaly. Jyns gatnaşyk gije bolsa gowy. Sperma matka barar ýaly ýagdaý bolmaly. Zenan garnyna ýatmaly we ýanbaşy biraz ýokarrak galdyrmaly (ýassyjak goýsa bor), äri bolsa onuň ýokarsynda bolmaly. Şeýle ýagdaýda çaga edinmek üçin iň gowy görnüşleriň biri. Ondan soň zenan iň azyndan 2 sagat ýatmaly. Ondan öň erkek iň bolmanda iki-üç günläp jyns gatnaşygy etmeli däl (has takygy owulýasiýa gününi anyklap bolsa şol gün gowydyr). Erkek owulýasiýa ýetmänkä 2-3 gün öň tohumyny (spermany) täzelemek gowy bolar we owulýasiýa güni jyns gatnaşygy etmek gowy bolar. Zenan bolsa iň bolmanda bir aý öňünden başlap süýji tagamly miweleri, et iýmeli (meselem: hurma, injir, balyk...). Emma doňdurma we ş.m.lary iýmek içmek gadagan. Jyns gatnaşygynda kimiň höwesi öňürtilese, çaga hem köp taraplaýyn şoňa meňzäp (biler).[2] Eger indiki aýbaşy bolmasa, onda zenanyň göwreliliginiň subutnamasy. Göwrelilik döwri aýbaşy bolmaýar. Göwrelilik döwri aýbaşydaky ýaly gan gelse oňa istihäze diýilýär. Ol diňe täreti bozýar. Ýagny, göwrelilik döwri namazy, orazany galdyrmaly däl.

Çaga bolmagy üçin gabat gelmeli gan toparlary:

  • ✔️ — gabat gelýän gan topary.
  • ❌ — gabat gelmeýän gan topary.
erkek - I erkek - II erkek - III erkek - IV
zenan - I ✔️
zenan - II ✔️ ✔️
zenan - III ✔️ ✔️
zenan - IV ✔️ ✔️ ✔️ ✔️

Başga gan toparly äri bolan zenanlardan esasy kyn düşjegi I gan toparda bolan zenanlardyr.

Jyns gatnaşygynyň ähmiýeti

[düzet | çeşmäni düzet]

Nikaly jyns gatnaşygyň - nesil goýmak, musulman köpeltmek, garyndaşlyk açmak, zynadan saklanmak, nesil arassalygyny saklanmak, jynsy islegi kanagatlandyrmak we ş.m ähmiýetleri bar. Arap dilinde nika - birikmek manyny berýär.

Rugsatlyklar

[düzet | çeşmäni düzet]

Waginal gatnaşyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Aýallaryňyz siziň üçin (çaga öndürýän) ekin ýeriňizdir. Öz ekin ýeriňize (halal edilen ýerden) öz göwün isleýşiňiz ýaly baryň! Özüňizi hem (sogap işler bilen) öňünden taýýarlaň! Alladan gorkuň we siziň Oňa gowuşjakdygyňyzy biliň! Mukminleri (hem) söýünjile!

Kuran: sura №2, aýat №223.

Ýagny islän ýeriňden barsaň hem diňe çaga dogulýan ýere jyns birikdirmek rugsat berilýär.

Gadaganlyklar

[düzet | çeşmäni düzet]

Oral gatnaşyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Oral gatnaşyk — är-aýalyň biri biriniň jyns organyny agzy bilen oýnamagyna aýdylýar. Käbir alymlar mekruh hasaplanýar, käbir alymlar haram hasaplaýar. Sebäbi ynsan Kuran, namaz, doga okamaly, nahar iýmeli, suw içmeli we şuňa meňzeş işleri etmeli. Oral gatnaşyk içki kesellere sebäp bolup bilýär. Synja alynanda,ýagny awrat ýeri ýuwulanda, çep el bilen ýuwulýar, el bilen agyzy deňeşdireniňde, ol ýere agyz degirmek hakda gürrüň etmek hem hökman däl.

Anal gatnaşyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Anal gatnaşyk — ýagny, ynsanyň yzky uly meýdan edýän deşigi bilen jyns gatnaşyk etmegine aýdylýar. Bu yslam dininde bütinleý haram hasaplanýar. Eger-de zenanyň äri şeýle hereket etjek bolsa, zenanyň mundan doly ýüz öwürmäge we talak soramaga doly hukugy bardyr (eger äri pälinden gaýtmasa). Eger-de zenanyň özi muny ärine etmegi islese ýa-da talap etse, onda äri ýüz öwürmeli (ýagny, etmeli däl). Iki tarapyň hem saglygyna örän howply ýagdaý bolansoň, köp ýurtlarda kanuny esasda azatlykdan mahrum edýärler.

Masturbasiýa

[düzet | çeşmäni düzet]

Masturbasiýa — eliň bilen öz jyns organyňy oýnamak. Nikadaky är - aýal biri biriniňkini oýnamagy bolýar(halal). Öz özüňkini, başga biriniňkini mysal üçin: erkek erkeginkini, zenan zenanyňkyny we nikada dällere düýbünden gadagan edilen. Eger-de zyna howpy abanýan bolsa, diňe özüňkini etse bor (eger-de öýlenmek (durmuşa çykmak) mümkinçiligi ýok bolsa).

Höwesden nädip özüňi goramaly?
  • Nikalaşyp maşgala bolmak bilen.
  • Oraza tutmak bilen.
  • Süýji, ajy, ýasama zatlary iýmezlik bilen. Sada naharlanmak we az iýmek bilen.
  • Seretmezlik bilen.
  • Pikir etmezlik bilen.
  • Dini okuwlar we işler bilen.
  • Ýigrenmeklik bilen.
  • Dindar, ahlakly, dogruçyl adamlar bilen dost bolmak bilen.

Haýwanlar bilen jyns gatnaşyk etmek düýbünden gadagan (haram).

Zoofiliýa barada hadys
Muhammed pygamber ﷺ aýtdy :

«Gije-gündiz Allahyň gahar-gazabynda duran 4 adam topary bar.» (Sahabalar) soradylar: «Eý, Allahyň rasuly, olar kimler?» Allahyň rasuly ﷺ şeýle düşündiriş berdi: «Zenana meňzejek bolýan erkekler, erkege meňzejek bolýan zenanlar, gomoseksuallar, haýwanlar bilen jyns gatnaşyk edýänler.»

Insest — (iňl. incestgan gatyşdyrmak, ýakyn garyndaş bilen durmuş gurmak) düýbünden gadagan (haram).

(Eý, mukminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.

Kuran: sura №4, aýat №23.

Gomoseksuallyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Gomoseksuallyk — erkek erkek bilen ýa-da zenan zenan bilen zyna etmegine aýdylýar. Yslamda haram.

Germafroditler — bilen jyns gatnaşyk etmek düýbünden gadagan. Eger-de lukman onuň jynsyny anyklap, operasiýa geçirlip doly bejerlenden soň, ol garşydaş jynsly adam bilen durmuş gurup biler.

  1. Sahih Buhari.
  2. «Sahih Buhari», hadys №3329.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]