Jemgyýet

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze taryhy döwürde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz milli ahlak gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklaýjylar hökmünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ata Watanymyzyň belent sepgitlere, üstünliklere ýetmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar.

Ýokary bilim we hünär derejesi, telekeçilik başlangyçlary häzirki zaman zenanlarynyň aýrylmaz häsiýetlerine öwrülýär. Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ajaýyp dabaralar halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklarynyň mizemezliginiň, gadymdan gelýän mukaddesliklere, şol sanda öý-ojagyň diregi hasaplanýan enelerimiziň we zenanlarymyzyň hormatyny hemişe belentde tutmaga ygrarlydygynyň nyşany boldy. Olaryň ruhy-ahlak däplerimizi gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde eýeleýän orny bimöçberdir.

Eneleri we çagalary, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlaryň döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky aladalar çagalardyr zenanlaryň hukuklary babatda üstüne alan borçnamalaryna pugta ygrarly bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda anyk çäreler, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejede kemala gelmegine, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we başga-da köp sanly işler bu syýasatda esasy orny eýeleýär. Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýärler.

...Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabara gatnaşyjylar tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglaryň we döredijilik çykyşlarynyň şaýatlary boldular. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Ony ýerine ýetirmäge meşhur aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory we teatr artistleri gatnaşdylar. Bu çykyş arkaly türkmen zenanlarynyň gözelligi, olaryň hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk, wepalylyk, mähremlik ýaly asylly häsiýetleri wasp edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu häsiýetler gelin-gyzlarymyzyň keşbiniň aýrylmaz bölegidir.

2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdym tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Onuň üsti bilen dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

“Diýarymyň mähriban zenanlary” atly aýdym-sazly horeografik çykyş şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar ýaňlandy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji mart baýramyny giňden dabaralandyrýan dünýä bileleşigi bilen jebisleşmegiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Konsertde, hususan-da, ýigitler öz döredijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olaryň hemmesi zenanlara bagyşlandy. Çykyşlarda zenan bagtynyň, wepalylygynyň, ene söýgüsiniň, mähriban topragyň ýaz aýlarynda aýratyn gözel görnüşe gelýän gözelliginiň waspy ýetirildi. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy. Ýürekleri tolgundyrýan aýdym-sazlar joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. El çarpyşmalardyr baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde ýerine ýetirijiler belent ruha, hoşallyk duýgularyna, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar.

Dabara gatnaşyjylar milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyzyň dabara sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy çäräniň esasy wakasyna öwrüldi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eziz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmeniň maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäňiz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maşgalanyň binýadyny berk saklamakda, çagalara mynasyp terbiýe bermekde, olary dogry durmuş ýoluna ugrukdyrmakda zenanlara örän uly ornuň degişlidigini belledi.

Milli Liderimiz zenanlarymyzyň durmuşda göterýän ýüküniň, borjunyň asla ýeňil däldigine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň aňyrdan gelýän, inçeden sünnäläp bize ýetiren baý mirasyny, edep mekdebini, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zenanlara baglydygyny nygtady. “Şoňa görä-de, hemişe asylly däplerimizden ugur alyp, maşgala ojaklaryňyzyň bagtyýarlygyna guwanyp, gadyryny bilip ýaşamak size miýesser etsin! Pursatdan peýdalanyp, sizi ýene-de bir gezek ajaýyp bahar baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, nurana ýüzli mähriban ene-mamalarymyzyň, bagtyýar gelin-gyzlarymyzyň, eziz uýalarymyzyň güler ýüzi hiç haçan solmasyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz arzuwlaryny beýan etdi.

Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň Gutlagyny we hoşniýetli arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Baýramçylyk dabarasy asylly häsiýetleri bilen dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň nobatdaky beýanyna öwrülen “Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar” atly aýdym bilen jemlendi. Dabara gatnaşyjylar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, abadan durmuşda ýaşamaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

* * *

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Kalby bahar pasly ýaly gözel zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çärelerde döredijiligiň we täze durmuşyň şatlygy aýdyň duýuldy.

10.03.2025
Hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Şunuň bilen birlikde, döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýän parlamentara gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan iki ýurt bu mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

...Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gruzin Hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýurdumyzyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.

Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu strategik taslamalaryň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň we Gara deňziň üsti bilen Aziýadan Ýewropa ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şunlukda, söwda-ykdysady, sebitara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi aýdyldy. Medeniýet we sungat, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri, sergileridir maslahatlary geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Şol başlangyçlaryň biri-de 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklipdir. Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasy arkaly berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini we onuň taryhy sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gruziýanyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Ol Prezident Mihail Kawelaşwiliniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Gruziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli syýasatyna ýokary baha berýändigini, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.

Irakliý Kobahidze syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika, energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem şu gün iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.

Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu ulgamda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara multimodal üstaşyr ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu strategik ugurda tagallalary birleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar. Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebit we ählumumy derejede energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýa tarapyndan tebigy gaz hem-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.

Oba hojalygy we birnäçe beýleki pudaklar-da möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, sport babatda gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gruzin kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olaryň dowamynda dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Soňra dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bardy. Mälim bolşy ýaly, bu toplum geçen ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açyldy. Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginde beýik türkmen şahyrynyň ýadygärligi oturdyldy. Medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem ýerleşdirildi. Munuň özi dana Pyragynyň şygyrlarynda wasp edilýän dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýany bolup durýar.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze görnükli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň bu toplumda oturdylan ýadygärligine gül dessesini goýdy.

Gruziýanyň Hökümet Baştutany Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördi. Muzeýde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýygnalan, gözelligi, nepisligi babatda göreni haýrana goýýan halylar saklanýar. Halkymyzyň bu özboluşly sungaty asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmen halyçylyk sungaty dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi. Premýer-ministr Irakliý Kobahidze muzeýiň eksponatlary bilen tanşyp, türkmen halyçylarynyň zehininden dörän sungat eserleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.

Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.

08.03.2025
Syýasat

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, maşgala gymmatlyklaryny goramak maksady bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň we “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, ýurdumyzyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň hukuk esaslaryny berkitmek we sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şu döwürde halkara guramalar, dürli döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda işler dowam etdirildi. Kanadanyň, Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 18-sine gatnaşdylar. Deputatlar syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek babatda guralýan dürli çärelere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlara baglydygyny aýdyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň geçen iki aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 125,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 121,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 143,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 237,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 104,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 469,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy, köşek almak möwsümine başlamak babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda zerur işleri dowam etdirmegiň, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,2 göterim berjaý edildi. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 124 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,1 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 112,9 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmegiň, täze, döwrebap kärhanalaryň işini ýola goýmagyň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmak, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, wise-premýere Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,8 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,7 göterime, nah matalaryňky 156,6 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 109,5 göterime, gön önümleriniňki 140,8 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 50 birža söwdasy geçirilip, olarda 5 müň 55 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,6 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Dokma senagaty kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli dabaralardyr çäreler geçirildi. 17-nji fewralda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli sungat eserleriniň sergisi guraldy. Meşhur bagşy-sazandalara, sungat ussatlaryna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda hem dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden dabaralandyryldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda teatrlarda sahna oýunlary, döwlet sirklerinde sirk tomaşalary, paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino görkezilişler we konsertler guraldy. Kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde, beýleki medeni ojaklarda işleri döwrebap guramagyň, şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy ýadygärliklerimizi we medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak boýunça zerur işleri alyp barmagy, baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe amala aşyrylan özgertmeleriň çäklerinde bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuw-usuly toplumlar taýýarlanylyp, kitaplar neşir edildi, birnäçe ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Şunuň bilen birlikde, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Hasabat döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berildi. Geçen iki aýda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, kliniki ordinatura hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Ratfür Formgebung German Design Сouncil” edarasy tarapyndan “German Design Award Winner 2025” atly güwänamalar berildi. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlarymyzyň agzalary halkara ýaryşlaryň 12-sine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmegiň, ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Saglygy goraýyş edaralaryna keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz sebitiň hem-de dünýäniň ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär, köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 109-sy geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Häzirki wagta çenli döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalaryň 7-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem ilçihanalar arkaly Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu ýylyň iki aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 100,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,5 göterime ýetdi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 123,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 121,9 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly we netijeli peýdalanmagyň, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmagyň, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ertir Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine bagtyýar zenanlarymyzyň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

08.03.2025
Syýasat

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Ýakynda dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik topary ýurdumyzda saparda boldy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly telekompaniýanyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap berdi.

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşlikde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiziň iri telekompaniýanyň habarçysy bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň güwäsidir.

1. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa tarap ymtylmagy üçin itergi beren sebäpleriň biri Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýagdaýlar bilen bagly. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolup, onuň parahatçylygy we ynanyşmagy ündeýändigi hemmelere mälim. Russiýa — Ukraina ýagdaýy babatda Siziň garaýyşlaryňyz nähili? Şeýle hem häzirki döwürde parahatçylyk üçin edilýän synanyşmalara nähili baha berýärsiňiz?

— Ilki bilen, Size we Siziň kärdeşleriňize «Türkmenistanda hoş gördük!» diýip ýüzlenýärin. Biz “Euronews” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Onuň köpmillionly tomaşaçylary bilen ýaýlymda duşuşmak olara Türkmenistany has gowy tanamaga ýardam berer diýip pikir edýärin. Munuň özi ýurdumyzyň içeri syýasatda hem, halkara giňişlikdäki işleri barada hem düşünje berer.

Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr. Ol Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýär. Türkmenistan bu ugurda üç düýpli garaýşy beýan edýär. Olar şulardan ybarat:

Syýasy taýdan, biziň ýurdumyz — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet. Türkmenistan halkara dawalara gatnaşmaýar hem-de goşulmaýar. Bu ýagdaý ýurdumyzyň Konstitusiýasynda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunda, döwletimiziň daşary syýasatyna degişli beýleki esasy resminamalarda berkidildi.

Hukuk taýdan seredenimizde, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli ýagdaýlary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Dünýä garaýyş babatda aýdylanda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usullaryny goldamaýar. Sebäbi uruş emele gelen ýagdaýlaryň çözgüdi däldir we bu ýagdaý iş ýüzünde ençeme gezek subut edildi. «Urşuň ýeňen ýeri ýok» diýen ajaýyp türkmen pähimi hem bar. Biz şu dogry garaýyşdan ugur alýarys we mundan beýläk-de ugur alarys.

Sanalyp geçilen bu garaýyşlar Siziň agzan meseläňize-de doly derejede degişlidir.

2. Suw ýetmezçiligi — sebitde iň derwaýys meseleleriň biri. Ol suw üçin ykdysady talabyň artmagy bilen has-da çylşyrymlaşýar. Şu babatda dünýä bileleşiginiň hem Hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada nähili pikirleriňiz bar?

— Dogrusyny aýtsak, munuň özi sebit üçin örän uly mesele bolup durýar. Biz Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň esasy üç kadasyny ozal hem ençeme gezek çykyşlarymyzda beýan edipdik. Olar:

— birinjiden, halkara hukugy berjaý etmek. Munuň özi suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup durýandygyny aňladýar. Suwy peýdalanmak bolsa umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydyr.

— ikinjiden, bähbitleriň özara hasaba alynmagy. Bu bolsa suw serişdeleri ulanylanda ähli döwletleriň halklarynyň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aňladýar. Diňe şeýle çemeleşme adalatly we durnukly ösüşi üpjün edip biler.

— üçünjiden, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy. Biz BMG-niň suw meselesi bilen bagly başlangyçlara gatnaşmagynyň kanuny we netijeli boljakdygyna ynanýarys. Şundan ugur alyp, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmegi teklip edýär. Munuň özi Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Amyderýa we Syrderýa boýunça Konwensiýalarynyň kabul edilmegini goldap çykyş edýäris.

3. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi syýasy gepleşikler üçin örän möhümdir. Bu ýagdaý Owganystan bilen gatnaşyklaryňyzda-da äşgär ýüze çykýar. Şoňa görä, Owganystan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryňyzyň häzirki ýagdaýy barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

— Türkmenistan bu ugurda oýlanyşykly syýasaty alyp barýar. Ol döwletimiziň daşary syýasatynda esasy üns berilýän meseleleriň biri bolup durýar.

Owgan halky — biziň goňşymyz. Biz bu halk bilen ýüzýyllyklaryň dowamynda ysnyşykly ýaşaýarys. Owganlaryň däp-dessurlary, ruhy we medeni gymmatlyklary bize has ýakyn. Türkmenler bilen owganlaryň uzak döwürlerden bäri dowam edip gelýän taryhy gatnaşyklary bar. Şoňa görä-de, Owganystanyň, ol ýerde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň üçin parhsyz däldir.

Biz owganlaryň parahat, asuda durmuşda ýaşap, öz döwletini gurmagyny, ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamlaryny dikeltmegini isleýäris. Ýurduň sebitde we onuň çäklerinden daşarda alnyp barylýan ykdysady işlere, taslamalary amala aşyrmaga goşulmagy ugrunda çykyş edýäris. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda ençeme möhüm we geljegi uly ykdysady taslamalary öňe sürdi hem-de durmuşa geçirýär. Şolaryň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, biziň ýurdumyzdan owgan tarapyna demir ýollary gurmagyň taslamalaryny görkezmek bolar.

Türkmenistan owgan halkyna köp möçberde ynsanperwerlik kömegini hem berýär. Ýurdumyzda owgan talyplary, ýagny ýaşlary okadylýar. Bu ýurtda öz serişdelerimiziň hasabyna durmuş maksatly desgalar gurulýar.

Biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýollar arkaly, halk köpçüliginiň bähbitlerini nazara almak esasynda düzgünleşdirmäge halkara ýardamy bermek ugrunda işjeň çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Owganystan boýunça dürli çärelere işjeň gatnaşýar. Bu ýerde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýurduň täze ýolbaşçylarynyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga çalyşýandygyndan ugur alýar. Biz ýurduň ýolbaşçylary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny nazara alyp, netijeli gatnaşyklary goldaýarys.

Men ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: Owganystan bize ýakyn bolan doganlyk ýurtdur. Şoňa görä, bu ýurduň halkynyň parahatçylygyna, ylalaşygyna we ösüşine ýardam bermek Türkmenistan üçin has ileri tutulýan ugurdyr.

4. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa babatdaky täze gyzyklanmasyna gaýdyp gelenimizde, Siz hyzmatdaşlygyň bu ugruna nähili baha berýärsiňiz we ol Türkmenistan üçin nämäni aňladýar?

— Bu örän giň, özi-de aýratyn gürrüňi talap edýän mesele. Muňa garamazdan, onuň has möhüm taraplaryny bellemäge hem-de biziň ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge çalşaýyn!

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryna taryhy ýagdaýlardan seretmek gerek. Türkmenler bilen ýewropalylaryň arasyndaky ilkinji resmi gatnaşyklar irki orta asyrlara degişlidir. Bu gatnaşyklar köp wagtyň dowamynda syýasy, ykdysady, söwda ulgamlarynda ösdürildi. Medeni we ylmy hyzmatdaşlyk ýola goýlup, özara baýlaşdyryldy. Şoňa görä-de, häzirki döwürde bizde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi, bütin Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berjek möhüm we düýpli taryhy esasyň bardygyny aýdyp bilerin.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ykdysady ugurly özara hereketleri giňeltmek bilen, söwda, ulag-aragatnaşyk, kommunikasiýa, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi goldaýar.

Şunda parlamentara gatnaşyklaryň möhümdigini hem bellemek zerur. Soňky ýyllarda Aşgabatda we Brýusselde parlamentara duşuşyklaryň hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň mejlisleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýtmak isleýärin. Şeýle hem adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogy hereket edýär. Biz bu ugurdaky işleri dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyrys.

Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ýurdumyzyň gatnaşyklaryny ösdürmek özara bähbitlidir. Ol häzirki zaman dünýä ösüşiniň hakyky talaplaryny hem-de meýillerini beýan edýär diýip hasaplaýarys.

Elbetde, energetika pudagynda ägirt uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde bu ugurda özara gyzyklanma barha artýar. Sebäbi energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazary dünýäde iň iri bazarlaryň biri bolup durýar. Bu günki gün ol Ýewropanyň ykdysadyýetini kadaly ösdürmek üçin energiýa çig malynyň köp möçberde hem-de bökdençsiz iberilmegini talap edýär. Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýardyr. Bu işi amala aşyrmagyň ýollarynyň biri-de ony Hazarüsti ugry ilerletmek bolup durýar.

Biz hemişe Hazar deňzinde doly derejeli energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, şol sanda günbatar tarapa suwasty turbageçirijileri gurmak arkaly ýola goýmak ugrunda çykyş edip geldik. Bu biziň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada berkidilen kanuny hukugymyzdyr.

Biz Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagynyň kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys. Munuň özi energiýa serişdelerini öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat eder.

Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini bellemek bilen bagly hukuk soraglaryny hem çözmek gerek. Biz häzirki döwürde munuň üçin hiç hili päsgelçilik görmeýäris. Ähli zat bu işe gatnaşyjylaryň hoşniýetli erk-islegine, taýýarlygyna baglydyr. Türkmenistanda şeýle erk-isleg bar.

Şeýle hem biz energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň çäklendirilmezligini teklip edýäris. Ilkinji nobatda, «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalara başlamak, Ýewropa elektrik energiýasyny ibermek ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan elektrik energiýasyny ibermäge taýýar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň ýurdumyza degişli kenarynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurulýar. Elektrik ulgamlary öz çäklerinden geçjek döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn geljekde we özara bähbit esasynda amala aşyryljakdygyna ynanýaryn.

Biz wodorod energetikasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak boýunça hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işleşmäge taýýardyrys.

5.  Bize Türkmenistanyň tebigy gazynyň çykarylýan möçberiniň artmagy we onuň bilen bagly meýilleriňiz barada-da gürrüň berip bilermisiňiz? Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün etmekde Siziň bu işleriňiz esasy çözgüt bolup bilermi? Bu meseläniň geljegi barada nähili pikir edýärsiňiz?

— Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr.

Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler.

6. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri hökmünde ýene birnäçe aýdan Özbegistanda geçiriljek sammite gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, Siziň sammitde beýan etjek esasy pikirleriňiz nämelerden ybarat bolar? Olaryň haýsylaryny tomaşaçylarymyz bilen paýlaşyp bilersiňiz?

— Bu ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti bolar. Munuň özi aýratyn umytlary we düşünjeleri berýär. Bu sammitden ähli ugurlarda gatnaşyklar boýunça deňhukukly, strategik we işjeň dialoga, möhüm çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşýarys.

Dünýä örän çalt özgerýär, täze syýasy, geoykdysady ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu ýagdaýlary hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny hem kesgitlemelidiris.

Men hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň uludygyna ynanýaryn. Sebäbi Merkezi Aziýa döwletleri çalt depginler bilen ösýär. Aziýanyň we Ýewropanyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşýän bu ýurtlaryň ägirt uly tebigy serişdeleri, ýaş we işewür ilaty bar.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýäniň parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk şertlerinde ýaşamaga we ösmäge islegleri bolan örän möhüm sebitidir. Ol daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzgünler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olaryň Liderleriniň özara gatnaşyklarynyň esasynda durýar. Häzirki döwürde olaryň arasynda içerki sebit dialogynyň hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýuldy. Merkezi Aziýa hut şeýle garalmalydyr we Ýewropa Bileleşigi üçin özüne çekiji bolmalydyr.

Elbetde, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady, ekologiýa, tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda toplan tejribesi, gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyz üçin peýdalydyr hem-de gyzyklydyr.

Ählumumy daşary syýasat gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk etmekde-de gowy mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin. Sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, serhetleri berkitmekde, neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we ençeme beýleki ugurlarda hem arkalaşykly işleşmäge giň şertleriň bardygyna ynanýaryn.

Umuman, Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary barada aýdylanda, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň:

— uzak möhletli;

— netijeli;

— toplumlaýyn hem-de anyk bolmagyny isleýär.

Biz geçiriljek sammitiň şeýle gatnaşyklara zerur itergi bermegine bil baglaýarys. Bu hyzmatdaşlygyň birek-birege bähbitli we geljeginiň uly boljakdygy aýdyňdyr. Şoňa görä-de, özara bähbitlilik esasynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek üçin bilelikde işlemelidiris.

7. Siziň Alyhezretiňiz, «Euronews» bilen bu ýörite söhbetdeşligimize wagt tapandygyňyz üçin köp sag boluň!

— Bu günki söhbetdeşlik üçin Size hem-de «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik toparyna minnetdarlyk bildirýärin. Pursatdan peýdalanyp, Size alyp barýan işleriňizde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Sag boluň!

08.03.2025
Syýasat

Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen gepleşiklerdir maslahatlar, işewürlik duşuşyklarydyr syýasy geňeşmeler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň dolandyryjy partiýasy bolan «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçy düzüminiň çakylygy boýunça bu partiýanyň Addis-Abeba şäherinde geçirilen ikinji gurultaýyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde partiýanyň ýolbaşçylary, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Prezidenti, ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

3-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibine YHG-nyň çäklerinde maliýe-býujet ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, “2025-nji ýyl üçin YHG-nyň garaýşynda” kesgitlenen maksatlaryň durmuşa geçirilişi, bu düzümiň işiniň gurallaryny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy. Duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda ösdürilýän türkmen-gazak gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljek üçin bilelikdäki hereketler, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa +» görnüşindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

4-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi, BMG-niň çäklerinde halkara başlangyçlary durmuşa geçirmekde özara goldaw bermäge taýýarlyk tassyklanyldy.

5-nji fewralda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygynyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşi, Owganystanda durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimanyň arasynda geçirilen duşuşyklarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.

6-njy fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astanada geçirilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy. Onda “Pekin+30” sebit syny, Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-njisi boýunça gazanylan ösüş, gender deňligini maliýeleşdirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň «BMG — Zenanlar» düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin direktory Belen Sans Luke bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler gender syýasatyny kämilleşdirmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.

10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Şol gün Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen dörttaraplaýyn iş duşuşygyna Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük daşamalary ösdürmegiň, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagyň meselelerine üns çekildi.

10-njy fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji fewralda geçirilen türkmen-awstriýa syýasy geňeşmeleriniň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň arasynda halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kala bilen geçirilen duşuşygyň barşynda atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek üçin ulanmak maksady bilen bu agentlik bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.

11-12-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Tährana amala aşyran saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Eýranyň nebit ministri, energetika ministri, ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda nebitgaz, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

12-nji fewralda Tähranda türkmen-eýran syýasy geňeşmeleri geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

14-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy hem-de milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2025-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.

17-nji fewralda Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri boýunça geçirilen brifingiň dowamynda adam hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, gender deňligini goldamak ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

17-18-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumda söwda-ykdysady, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak ýaly ugurlarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Teswirnama kabul edildi. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, bu ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşyklar geçirildi.

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat we sergi geçirildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda adam hukuklary babatda milli meýilnamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, Türkmenistanda demokratik institutlary kämilleşdirmek, halkara şertnamalara goşulyşmak boýunça bilelikdäki konsultatiw işleriň wajyp ähmiýeti nygtaldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu sapar türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

19-njy fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň sanly ulgam arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda BAE bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde Hazar meselesi boýunça deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp barýan işiniň, halkara hukugyň çäginde Hazarýaka ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjynyň» durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi.

24-nji fewralda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Milletler Bileleşigi we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen edaralarynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

25-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň 8-nji mejlisinde we Daşary işler ministrliginde Ýewropa parlamentiniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen, şeýle hem «ÝB — Merkezi Aziýa» formatynyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Adam hukuklaryny goramak, gender deňligi, raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek ýaly ugurlarda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere aýratyn üns çekildi.

24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň parlament wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisine Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna agza bolmak teklip edildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen duşuşygyň barşynda doganlyk döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli şu ýylyň dekabrynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.

25-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda nebitgaz, energetika, söwda, maýa goýum, ulag-logistika, şäher gurluşygy, oba hojalygy, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Onuň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirildi.

25-nji fewralda ýurdumyzyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde geçirilen Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda özara saparlary guramaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilelikdäki maslahatlary, okuw we ussatlyk sapaklaryny geçirmäge gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim almagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

26-njy fewralda Bişkekde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň, “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Şol gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçirilen duşuşykda dostlukly döwletiň Prezidentine şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.

27-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda bu telekompaniýa bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beata Andres bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmek babatda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri, şu ýylda bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji fewralda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Onuň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen geçiren duşuşygynda Bütindünýä banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýa Respublikasynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

Şeýlelikde, fewral aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlardyr abraýly halkara guramalar bilen bilelikde geçiren köpugurly çäreleri Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy.

(TDH)


Beýleki habarlar
07.03.2025
Syýasat

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň, onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet bermegiň, Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümleri döwrebap enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Şeýle hem hasabat döwründe Watan goragçylarynyň güni mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini ýokary derejede üpjün etmek, jenaýatçylygyň, beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin içeri işler edaralaryna sanly ulgamy we işiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekip, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzgün bozulmalary ýüze çykarmaga, olary döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady we birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň taýýarlanylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň öňde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we kanun taslamalaryny taýýarlamak, taslamalara hukuk taýdan netijenama bermek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, edara-kärhanalarda, raýatlaryň arasynda kanunçylygy düşündirmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary yzygiderli guramagyň wajypdygyny nygtady. Ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmak döwletimiziň serhedinden geçirilýän harytlaryň we ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagy, bu düzümiň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda işgärleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde döwrebap desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Şeýle hem migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda migrasiýa ýagdaýlaryna ygtybarly gözegçilik etmek, raýatlara migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Şunda bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.



Beýleki habarlar
06.03.2025
Ministrligiň habarlary

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

 Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Partnering in Business with Germany (Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy)» maksatnamasynyň 2025-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär


Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2025-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.


Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

Ýokary bilimli bolmaly.

Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar).

Dalaşgäriň azyndan 5 ýyl iş tejribesi, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde iş tejribesi azyndan 2 ýyl bolmaly.


Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar. Maglumatlary almak üçin şu ýere  basyň.


Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

(99312) 39 43 55

 


 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

 Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Partnering in Business with Germany (Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy)» maksatnamasynyň 2025-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Akylly» oba hojalygy we azyk synagaty» halkara toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär


Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda oba hojalygy we azyk senagaty ulgamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2025-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.


Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Ýokary bilimli bolmaly.

Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar).

Dalaşgäriň azyndan 5 ýyl iş tejribesi, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde iş tejribesi azyndan 2 ýyl bolmaly.


Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.  Maglumatlary almak üçin şu ýere basyň. 


Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

(99312) 39 43 55

12.02.2025
Ministrligiň habarlary

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, şeýle hem maliýe we ykdysady syýasaty çygryndaky hünärmenler girdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (EEAS) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewin ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Ýewropa Bileleşiginiň dürli düzüm birlikleriniň, şol sanda Söwda (DG TRADE), Halkara hyzmatdaşlyk (DG INTPA), Ulag (DG MOVE), Energetika (DG ENER), Bilim we medeniýet (DG EAC), Ylmy gözlegler we innowasiýalar (DG RTD) Baş direktoratlarynyň wekilleri girdiler. Şeýle-hem, mejlise söwda, durnukly ösüş, ulag arabaglanyşygy we ynsanperwer meseleleri boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Mejlisiň işi Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň wekilleriniň giriş sözleri bilen başlandy, soňra mejlisiň gün tertibi tassyklanyldy. Çäräniň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda gatnaşyklary, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegini goldamak, Türkmenistanda we Ýewropa Bileleşiginde makroykdysady ýagdaýlary, şeýl hem ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrma mowzuklary bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlise wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow gysgaça çykyş edip, öz çykyşynda, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berdi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Energetika, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalar suwy dolandyrmak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak, sebitdäki daşky gurşaw meseleleri we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak mümkinçilikleri öz içine aldy. Türkmen tarapy bu ugurda mundan beýläkki ädimler barada öz garaýyşlaryny beýan etdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar ynsanperwer meseleleri, bilim we medeni alyş-çalyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti halkara akademiki özara gatnaşyklary çygryndaky öz başlangyçlaryny giňişleýin beýan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, öz gezeginde, Ýewropa Bileleşiginiň dürli maksatnamalarynda we taslamalarynda hödürlenýän mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Bilim başlangyçlaryna, şeýle hem BOMCA we CADAP ýaly pudagara maksatnamalara aýratyn üns berildi.

Bu başlangyçlar özara gyzyklanma döretdi we geljekdäki özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açdy.

Şeýle-de, Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady görkezijilerine we ykdysady ösüşiniň mümkinçiliklerine bagyşlanan maglumatlary bilen tanyşdyrdy. Häzirki ykdysady ösüşiň, senagatyň sanlylaşdyrmasy we Ýewropa bazarlaryna ählumumy faktorlaryň täsiri barada möhüm maglumatlar beýan edildi.

Mejlis Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmak bilen tamamlandy. Taraplaryň soňky çykyşlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin şeýle mejlisleriň geçirmegiň möhümligi nygtaldy.

05.12.2024
Ministrligiň habarlary

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak ugrunda hususy pudagyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda, ýurdumyzda halk köpçüliginiň arasynda, hususan-da, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň hem-de hususy pudagyň Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) barada, BSG-na agza bolmagyň artykmaçlyklary we netijeleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm işleri alyp barýar. Halkara söwda merkezi (ITC) “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen degişli işleri geçirýär.

Bu taslamanyň çäginde, hususy pudagyň wekillerini BSG-y we bu guramanyň dünýä söwdasyndaky möhüm orny barada habardar etmek üçin wajyp işler amala aşyrýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň başlangyjy bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazmaça işewürlik gollanmalary taýýarlanyldy. Bu işewürlik gollanmalary, hususy pudagyň wekillerini gyzyklandyryp biljek esasy meseleleri öwrenmek üçin peýdaly bolar. Bu gollanmalarda BSG-y barada gysgaça maglumatlar, guramanyň esasy ylalaşyklary, agza bolmak ýoly we agza bolmagyň önüm öndürjilere, oba-hojalyk harytlaryny öndürüjilere we hyzmat berijilere ýetirjek täsiri barada şeýle hem, BSG-na agza bolmagyň harytlary eksport edýänlere nähili kömek edip biljekdigi we söwdada intellektual eýeçiligiň orny barada maglumatlary jemleýär. Gollanmanyň elektron görnüşini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web sahypasynda ýükläp alyp bilersiňiz (https://fineconomic.gov.tm/).

BSG-yň hukuk ulgamynyň esasy düzgünlerini we ýörelgelerini, olaryň ýurduň milli söwda syýasatyna ýetirjek täsiri bilen baglanyşykly meseleleri hemme taraplaýyn öwrenmek häzirki gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, sebäbi häzirki döwürde Türkmenistan BSG-na agza bolmak ugrunda işjeň işleýär. Bu işiň 2022-nji ýylyň fewralynda, ýagny Türkmenistanyň BSG-dan “goşulýan ýurt” atly resmi statusyny alandan soň başlandygyny belläp geçmeli. Bu işde jogapkär edara hökmünde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, ýurdumyz üçin şeýle möhüm ugurda başarnykly çemeleşmegi üpjün etmek üçin köp sanly halkara guramalar bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.

04.11.2024